Azerbaýjanyň Laçyn şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ilkinji Zenanlar forumy geçirilýär, oňa guramanyň agza döwletleri bilen birlikde Türkmenistan hem gatnaşýar — diýip, report.az neşiri habar berýär.
Forum Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Alyýewiň başlangyjy bilen YHG-nyň hepdeliginiň çäklerinde guraldy. Forumyň maksady YHG-nyň ýurtlarynda zenanlaryň adam ösüşiniň ähli ugurlaryndaky hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek üçin pudagara hyzmatdaşlyga ýardam bermekden ybaratdyr.
Forumyň esasy wezipesi – Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, hemmetaraplaýyn we sabyrly jemgyýetleri gurmakda zenanlaryň eýeleýän ornuny pugtalandyrmakdyr.
Çäräniň çäklerinde foruma gatnaşyjylar birnäçe möhüm ugurlary ara alyp maslahatlaşýarlar. Olaryň hatarynda – howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygy üpjün etmekde zenanlaryň adam ösüşindäki orny, gyzlaryň we zenanlaryň bilim arkaly hukuklaryny giňeltmek hem-de innowasiýalara we tejribe alyşmagyna gönükdirilen sanly ählumumylyk bar.
Forum YHG-nyň sebitindäki dürli ýurtlaryň zenan liderleriniň hem-de degişli halkara hyzmatdaş guramalarynyň arasynda gepleşikleri geçirmek, hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.