Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Hytaýyň Sinszýan-uýgur awtonom raýonynyň arasynda oba hojalyk ugry boýunça maslahat geçirildi

11:1502.07.2025
0
16254

«Arçabil» myhmanhanasynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-uýgur awtonom raýonynyň arasynda oba hojalyk ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda degişli ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Hytaýyň wekiliýetine Sinszýan-uýgur awtonom raýonynyň Halk Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Wan Gan ýolbaşçylyk etdi. Hytaýly myhmanlaryň nygtaýşy ýaly, strategik häsiýetli hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynda oba hojalygy boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Duşuşygyň dowamynda pudagyň gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmegiň meselelerine-de garaldy. Munuň özi ýetişdirilýän hasylyň öz wagtynda gaýtadan işlenilmegini şertlendirýär. Bu bolsa ykdysadyýetiň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Myhmanlar dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Hytaýyň Sinszýan-uýgur awtonom raýonynyň Halk Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Wan Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, «Türkmenpagta» döwlet konserniniň, Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen hem duşuşdy.

Duşuşyklarda oba hojalygyny ylmy gazanylanlar esasynda netijeli ösdürmek, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak meseleleri maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň