Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýede tokaý ýangynlary sebäpli 50 müňden gowrak adamy göçürdiler

16:4001.07.2025
0
21227
Türkiýede tokaý ýangynlary sebäpli 50 müňden gowrak adamy göçürdiler
Surat: Gazeta.ru

Türkiýede giň çäkleri tutan tokaý ýangynlary netijesinde 50 müňden gowrak adamy göçürdiler. Bu barada ýurduň içeri işler ministri Ali Erkaýa sosial tordaky sahypasynda habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Ministriň sözlerine görä, ýangynlar Izmir, Bilejik we Hataý ülkelerinde döredi. Adamlary howpsuz ýere göçürdiler.

Ýagdaý has-da Egeý deňziniň ýakasyndaky Izmirde çylşyrymly. Ody öçürmek üçin 14 dikuçar, dört uçar we müňden gowrak halas ediji gatnaşýar diýip, Türkiýäniň oba hojalyk ministri Ybragym Ýumakly habar berdi.

Munuň öňüsyrasy ýangyn Seferihisar we Menderes etraplarynda ýüze çykdy, oňa howanyň 40 gradusa çenli gyzmagy sebäp boldy. Seferihisarda ýerli ýaşaýjylar göçürildi, habar beriş serişdelerinde ýanýan awtoulaglaryň suratlary peýda boldy.

Türkiýäniň ýustisiýa ministri Ýylmaz Tunç ýurduň dürli sebitlerinde tokaý ýangynlarynyň döremeginde aýyplanýan 17 adamyň saklanandygyny habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň