Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BSGG ýalňyzlyga ählumumy howp diýip baha berdi

14:3201.07.2025
0
20085
BSGG ýalňyzlyga ählumumy howp diýip baha berdi
Surat: Doridarmon.uz

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy ýalňyzlygy tutuş dünýäde adamlaryň saglygy üçin howp diýip yglan etdi hem-de sosial aragatnaşyklary öwrenmek boýunça topar döretdi. Hünärmenler ýekeligiň zyýanyny günde 15 çilim çekmek bilen deňeşdirdiler. Bu barada «The Guardian» habar berdi.

Täze toparyň düzümine 11 syýasatçy we işjeň girdi. Toparyň işiniň möhleti üç ýyl dowam eder.

Toparyň başlyklarynyň biri Çido Mpemba bu barada: «Sosial üzňeligiň ýaş we serhet çäkleri ýok» diýdi. Toparyň başlyklarynyň ýene biri, ABŞ-nyň baş sanitar lukmany Wiwek Murti ýalňyzlygyň zyýanynyň günde 15 çilim çekmekden, semizlikden we fiziki işjeňlikden pes däldigini belleýär. Ol şeýle-de bu gün ýalňyzlygyň diňe ösen ýurtlaryň meselesi däldigini, dünýäniň ähli sebitlerinde her dördünji adamyň sosial üzňelikde ýaşaýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

BSGG-niň maglumatlaryna laýyklykda, gartaşan adamlar üçin ýekelik demensiýanyň ösüş töwekgelçiligini 50 göterim, ýüregiň işemiki keseliniň we insultyň döremegini 30 göterim ýokarlandyrýar. Guramada ýetginjekleriň 5-den 15 göterime çenlisiniň ýalňyzlyk duýgusyny başdan geçirýändigini belleýärler. Bu bolsa, öz gezeginde, ýaşlaryň uniwersitetlerde okuwy taşlamagyna getirýär, şeýle hem zähmet öndürijiligini pese gaçyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň