Şu ýyl geçmeli «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammiti 2026-njy ýyla geçirildi diýip, «Dunyo» habarlar agentligi habar berdi.
Sammitiň möhletiniň süýşürilmeginiň sebäbi hökmünde öňki Prezident Ýun Sok Ýel tarapyndan harby düzgün girizmek boýunça şowsuz synanyşyk netijesinde Günorta Koreýada bolup geçen syýasy üýtgeşmeler görkezilýär.
Geçen ýylyň iýunynda Merkezi Aziýanyň ýurtlary we Günorta Koreýa şol wagtky Prezident Ýun Sok Ýeliň sebite saparyna gabatlap, sammit guramak we 2025-nji ýylda Seulda döwlet Baştutanlarynyň ilkinji duşuşygyny geçirmek barada ylalaşdylar.
Ýeri gelende aýtsak, harby düzgün girizmäge synanyşyk Günorta Koreýada möhletinden öňki saýlawlara getirdi. Onda «Toburo» demokratik partiýasyndan dalaşgär Li Çže Mýen ýeňiş gazanyp, ýurduň Prezidenti boldy.