Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bezosyň toýy Wenesiýa 1 milliard ýewro girdeji getirdi

17:3230.06.2025
0
31392
Bezosyň toýy Wenesiýa 1 milliard ýewro girdeji getirdi
Surat: Sputnik Belarus

Milliarder Jeff Bezosyň nika toýy Wenesiýanyň býujetine 1 milliard ýewro girdeji getirer. Italiýanyň Jahankeşdelik ministrligi şeýle hasaplama getirdi. Dünýäniň iň baý we meşhur adamlary şäherde üç günläp toý şagalaňyny guradylar, şeýlelikde, şäher öz ýyllyk girdejisiniň 70 göterime golaýyny gazandy diýip, «MIR 24» teleýaýlymy habar berdi.

Wenesiýadaky «Aman» bäşýyldyzly myhmanhanasyndan ugur alan gymmatbaha kater 61 ýaşly Jeff Bezosy we onuň 55 ýaşly gelinligi Loren Sançesi San-Jorjo adasyna eltdi, ol ýerde jübütler ýüzük dakyşdylar.

Wenesiýa üç günläp tans etdi, aýdym aýtdy. Toýa 250 sany ýyldyz gatnaşdy. Olary iň gymmatbaha myhmanhanalarda ýerleşdirdiler. Baýramçylyk agşamy geçen şenbede Wenesiýanyň orta asyr galasy bolan Arsenalda boldy.

Emma bu şagalaňly toýa garşy çykyşlar hem boldy. Müňlerçe adam demir ýol menzilinden ýöriş edip, Rialto köprüsine geldiler.

Öýlenýän ýigit olara gulak asdy. Ol şäheriň abadançylygyny goramaga million dollar harçlady, baýramçylygy bozmazlyk üçin wenesiýalylaryň 500-e golaýyny toýuň guramaçylygy üçin işe aldy.

Üç günlük toýdan soňra myhmanlar dagaşyp başladylar. Žurnalistleriň hasaplamalaryna görä, Wenesiýadaky toý şüweleňi we şenbe agşamy öýlenýän ýigide 50 million dollara düşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň