Koronawirus ýokanjynyň SARS-CoV-2 görnüşi ýarganatlardan we haýwanlardan peýda boldy. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) täze nutugynda aýdylýar diýip, «Rambler.ru» habar berdi.
Öň SARS-CoV-2 görnüşiniň döremeginiň töwereginde dürli myş-myşlar ýaýrapdy. Şol sanda onuň emeli usulda döredilendigi barada hem gürrüň edilýärdi. Emma dört ýyl geçenden soňra BSGG bu pikiri ýalana çykardy we keseliň bu görnüşiniň ýarganatlarda ýa-da haýwanlarda dörändigi baradaky pikiri hakykata iň golaý diýip yglan etdi.
«Ylmy maglumatlaryň we bu ugurda çap edilen ylmy subutnamalaryň köpüsi bu çaklamany tassyklaýar, emma häzirki wagtda SARS-CoV-2 görnüşiniň nädip adama geçendigi barada netijä gelmek mümkin däl» diýlip, nutukda bellenýär.
Bu ylmy çaklamany tassyklamak üçin BSGG ýokanjyň SARS-CoV-2 görnüşine has ýakyn görnüşleriň ýarganatlarda ýüze çykarylandygyny görkezýär.
