Dünýäde meşhurlyk gazanan «Homay» atly hitiň awtorlary — Başgyrdystandan gelen Adel Şaihittdinowanyň ýolbaşçylyk edýän Ay Yola topary — Türkmenistanyň Arkadag şäheriniň iki ýyllygyna bagyşlanan dabaraly konsertde çykyş ederler.
Bu konsertde şeýle hem özbek aýdymçysy Jasurbek Mawlonow, Tatarystandan gelen aýdymçy Elmira Ksenofontowa we türk sungat ussatlary Edis Görgülü bilen Simge Sagyn çykyş ederler.
Jasurbek Mawlonow
Elmira Ksenofontowa (Kalimullina)
Edis Görgülü
Simge Sagyn
Ay Yola topary «Ural batyr» albomyndan alnan, häzirki zaman elektron saz bilen bezelen başgyrd halk saz äheňlerine esaslanýan «Homay» kompozisiýasy bilen halkara derejesinde tanaldy. Bu aýdym sanly platformalarda millionlarça gezek diňlenip, hakyky hit bolmagy başardy. 2025-nji ýylyň mart aýynda bolsa, Shazam platformasynyň maglumatyna görä, iň meşhur bäş aýdymyň hataryna girdi.