Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kir ýuwýan maşynda uklan pişijek 55 minutlyk kir ýuwmada aman galdy

14:1028.06.2025
0
25536
Kir ýuwýan maşynda uklan pişijek 55 minutlyk kir ýuwmada aman galdy
Surat: Darakchi.uz

Awstraliýanyň Kwinslend ştatynda hojaýynlary dokuz aýlyk Pablo diýen pişijegi tötänden kir ýuwujy enjamda ýuwdular. Bu barada «7 News Australia» neşirine salgylanýan «Rambler.ru» habar berdi.

Birma tohumyndan bolan pişik çagasy kir ýuwujy enjamyň açyk agzyndan içine girip, uklap galypdyr. Birnäçe wagtdan soňra öý eýeleriniň biri Pablonyň ol ýerdediginden bihabar enjamy işledipdir. Pişijek 55 minutlap kir maşynyň içinde togalanmaly bolupdyr, ol sabynly sowuk suwda üç müň aýlawy geçipdir.

Işini bes eden enjamy açanlarynda maşgalanyň agzalary onuň içinden halys tapdan gaçan pişigi tapypdyrlar we dessine haýwanlar üçin hassahana äkidipdirler. Pablonyň kelle beýnisine we öýkenine şikes ýeten ekeni. Weterinar Ella Ýarsli pişijegiň gudrat bilen diri galandygyny aýdypdyr. Ýedi günlük güýçli bejergiden soňra Pablonyň saglygy dikelipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň