«Arkadag» klubynyň futbolçylary Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda dowam edýän çempionatyň başga wagta geçirilen 10-njy tapgyryň oýnunda «Altyn Asyry» 7:3 hasaby bilen ýeňdiler. Duşuşyk Arkadag şäherinde geçirildi.
Ýer eýeleriniň toparynyň düzüminde Begenç Akmämmedow iki gol saldy (21-nji we 35-nji minutlarda), beýleki gollary Altymyrat Annandurdyýew (18), Şanazar Tirkişow (37), Şöhrat Söýünow (46, öz derwezesine), Şamämmet Hydyrow (61), Didar Durdyýew (72, penaltiden) dagy geçirdi.
«Altyn Asyr» toparynyň gollaryny Süleýman Muhadow (2-nji minut), Rahman Myratberdiýew (53), Weýisgeldi Orazdurdyýew (68) saldylar.
Baş tälimçi Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky topar ýedi günüň dowamynda üç oýun geçirdi. «Altyn Asyr» toparyndan gazanylan ýeňişden başga-da, 21-nji iýunda «Arkadag» paýtagtymyzyň «Aşgabat» toparyny 7:0 hasaby bilen ýeňdi, 24-nji iýunda bolsa «Ahaldan» 3:0 hasabynda üstün çykdy.
Türkmenistanyň çempionatynyň birinji ýarymynyň netijesine görä «Arkadag» 42 utuk bilen ýaryş tertibinde ynamly öňde barýar. Ikinji ýerde «Ahal» (28 utuk), üçünji we dördünji ýerleri «Altyn Asyr» we «Şagadam» paýlaşýarlar (hersiniň 25 utugy bar). Ýaryş tertibini «Nebitçi» (15 utuk), «Aşgabat» (11 utuk), «Merw» (9 utuk) we «Köpetdag» (5 utuk) toparlary jemleýärler.