Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ronaldu «Al-Nasr» bilen şertnamasyny 2027-nji ýyla çenli uzaltdy, onuň ýyllyk haky 263 million ýewro bolar

09:5627.06.2025
0
22654

Portugaliýaly hüjümçi Kriştiano Ronaldu Saud Arabystanyň «Al-Nasr» futbol kluby bilen şertnamasyny 2027-nji ýyla çenli uzaltdy. «Altyn top» baýragynyň bäş gezek eýesi bolan futbolçynyň ýyllyk haky dünýä futbolynda rekord derejede — 263 million ýewro bolar – diýip, žurnalist Tankredi Palmeri X sosial ulgamynda habar berdi.

40 ýaşly futbolçynyň Saud Arabystanyň kluby bilen öňki şertnamasy 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanýar.

Žurnalistiň maglumatlaryna görä, iň ýokary aýlyk alýan oýunçylaryň reýtinginde ikinji ýeri «Al-Ittihad» klubynyň fransuz hüjümçisi Karim Benzema we «Inter Maýami» klubynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi eýeleýär – bularyň hersiniň ýyllyk aýlygy 200 million ýewrodyr. Dördünji orny Madridiň «Real» klubynyň fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe eýeleýär, onuň ýyllyk aýlygy 77,5 million ýewro. Sanawda bäşinji ýeri Ronaldu bilen bir klubda çykyş edýän senegally futbolçy Sadio Mane eýeleýär, ol ýylda 41 million ýewro gazanýar.

Ronaldu 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri «Al-Nasr» klubynda çykyş edip gelýär. Bu döwürde portugaliýaly hüjümçi 105 oýun geçirip, derwezeden 93 gol saldy. Futbolçy mundan öň Portugaliýanyň «Sporting», Angliýanyň «Mançester Ýunaýted», Ispaniýanyň «Real» we Italiýanyň «Ýuwentus» klublarynda çykyş etdi.

Ronaldu, Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Ýewropa çempiony boldy, ol resmi oýunlarda dünýä futbolynyň taryhynda iň köp gol salan futbolçy hasaplanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň