Wenesiýa üç günläp şagalaňly toý tutar. Sebäbi Italiýanyň bu şäherinde dünýäniň iň baý adamlarynyň biri Jeff Bezosyň we telegepleşik alypbaryjysy Lora Sançesiň nika toýy geçer. Ol ýere eýýäm köpsanly meşhur adamlar ýygnanýarlar. Emma ýerli ýaşaýjylaryň bu toýdan göwni suw içenok. Olar milliarder Wenesiýanyň taryhy ýerlerini göwün açyşlyklar mekanyny öwürdi diýýärler. Bu barada «MIR 24» gürrüň berýär.
Toýa ilkileriň biri bolup, ABŞ-nyň Prezidentiniň gyzy Iwanka Tramp adamsydyr çagalary bilen geldi. Wenesiýa 250 töweregi meşhur myhmanlaryň gelmegine garaşylýar, olaryň arasynda Leonardo Di Kaprio, Keti Perri, Ledi Gaga, Mik Jagger dagy hem bar. Öýlenýän ýigit bilen gelinlik olar üçin iň gowy we gymmat otelleri taýýarladylar, şeýle-de şäheriň ähli suw taksileri myhmanlaryň hyzmatynda bolar.
Toý düýn— 26-njy iýunda başlandy, şu gün bolsa San-Jorjo-Majore adasynda ýüzük dakyşmak dabarasy. Şenbe agşamy uly şüweleň guralar. Toýuň býujeti 50 million dollardan hem köp bahalanýar.
Şäheriň häkimligi toýdan geljek girdejileri hasaplaýarka, ýerli ýaşaýjylar garşylyk çykyşlaryny geçirýärler. Olar toýuň Wenesiýa zyýan ýetirjekdigini, ýaşaýyş öýleriniň bahasyny gymmatlatjakdygyny hem-de şäher hojalygyna çekip bolmajak derejede agram saljakdygyny aýdýarlar.
Wenesiýanyň ýaşaýjysy hanym Nadiýa Rigo şeýle diýýär: «Bu gowy däl. Hemişe bolşy ýaly, beýle hokgalary puly bar adamlar edýärler. Biz bärde doguldyk, bäri biziň watanymyz. Indi ýa biz gitmeli, ýa-da olara gidiň diýmeli. Bärde olar hojaýyn».
Garşylyk bildirýänler toýuň myhmanlarynyň gatnawyna päsgel bermek üçin kanallary çişirilýän krokodilleriň kömegi bilen beklejekdigini ýa-da üýşüp suwa bökjekdiklerini aýdyp haýbat atýarlar.