Guşlaryň 500-den gowrak görnüşi öňdäki 100 ýylyň dowamynda howanyň üýtgemegi we tebigy ýaşaýan ýerleriniň hatardan çykmagy bilen baglylykda, ýitip ýok bolup biler. Reding uniwersitetiniň alymlary şeýle netijä geldiler, olaryň ylmy işi «Nature Ecology & Evolution» (NEE) žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Bu sanlar 1500 ýyl bäri ýitip ýok bolan guşlaryň sanyndan üç esse köpdür. Guşlaryň gyrylmagy öz nobatynda olara garaşly bolan ekoulgamlara zyýan ýetirip biler. Hatda awlamak, tokaýlaryň çapylmagy we ählumumy maýlama ýaly heläkçilikli täsirleriň doly aradan aýrylmagyna garamazdan, guşlaryň 250 görnüşini ýitip ýok bolmakdan halas etmek başartmaz diýip, alymlar ýazýarlar.
«Köp guşlar şeýlebir howp astynda welin, olara diňe adam täsirini aradan aýyrmak ýeterlik däl. Munuň üçin ýörite maksatnamalar zerur, ýagny guşlary tebigatda köpeltmek, ýaşaýan ýerlerini dikeltmek we bikanun awçylardan goramak gerek» diýip, ylmy barlaglaryň awtory Kerri Stýuart aýdýar.
Tebigaty goramagyň Halkara bileleşiginiň maglumatlaryna laýyklykda, aýratyn-da iri guşlara ýitip ýok bolmak howpy abanýar, sebäbi olar awçylardan we tebigatyň üýtgemeginden has köp ejir çekýärler. Onsoňam giň ganatly guşlar tokaýlaryň çapylmagy bilen baglylykda, öz ýaşaýan ýerlerini ýitirýärler.