Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn Çaýhana» restoranynyň eltip bermek hyzmaty Aşgabatda meşhurlyk gazanýar

17:0426.06.2025
0
27871

Aşgabatdaky «Altyn Çaýhana» restorany tarapyndan täze işe girizilen dürli tagamlary eltip bermek hyzmaty paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň arasynda giňden meşhurlyga eýe bolýar. Bu hyzmat müşderilere hoşboý tagamly naharlary öýlerine eltip bermek mümkinçiligini elýeterli edýär — bu hem maşgala ojagyndaky agşamlarda, şeýle-de baýramçylyk çäreleri geçirilende aýratyn isleg döredýär.

Eltip bermek menýusynyň sanawyna sowuk we gyzgyn tagamlar, täze işdäaçarlar, hoşboý ysly çorbalar, etli we balykly haharlar, dürli goşmaça iýmitler hem-de desertler girýär.

Bu hyzmatyň amatlylygy we naharlaryň ýokary hil derejesi baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly hysyrdylary ýeňilleşdirip, toý-baýramlaryň taýynlygyny ýakymly hem diýseň ýeňil çärä öwürýär. Müşderiler öýden çykmazdan iň halaýan tagamlaryndan lezzet almak üçin döredilýän mümkinçiliklere ýokary baha berýärler — şonuň üçin hem bu hyzmata bolan isleg günsaýyn artýar.

Sargytlar şu telefon belgiler boýunça kabul edilýär: (+993 12) 94 11 61, (+993 12) 94 11 71, (+993 65) 72 37 46, (+993 65) 72 35 47, (+993 65) 65 53 10.

Restoranyň salgysy: Aşgabat şäheri, Gurbansoltan eje köçesi, 168 (demir ýol menziliniň golaýyndaky awtobus duralgasynyň ýanynda).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň