Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki derwezeçisi Witaliý Kafanow «Rostow» futbol klubynyň derwezeçileriniň tälimçisiniň wezipesini terk etdi. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berýär.
65 ýaşly hünärmen Rostowyň toparynyň derwezeçileri bilen birnäçe ýyl işledi. Şol bir wagtyň özünde Kafanow 2021-nji ýyldan başlap Russiýanyň milli ýygyndysynyň tälimçiler toplumynyň düzümine hem girýär we ol ýerde hem derwezeçileriň tälimçisi wezipesini eýeleýär.
«Witaliý Witalýewiç – öz işiniň hakyky ussat hünärmeni. Onuň «Rostow» klubynyň ösmegine goşan goşandyna baha bermek asla mümkin däl. Uzak ýyllaryň dowamynda ol özüni klubymyza doly bermek bilen, «Rostowyň» taryhynda uly yz galdyrdy» — diýip, klubyň prezidenti Artaşes Arutýunýans beýan etdi.
Rostowlylaryň ýolbaşçysy Kafanow bilen «Rostow» futbol klubyny örän ýakymly gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny we munuň geljekde-de şeýle dowam etjekdigini belläp geçdi. «Biz hoşlaşmaýarys we ony hemişe «Rostowda» görmäge şat bolarys» — diýip, Arutýunýans sözüniň üstüne goşdy.
Kafanow futbol ýolunyň köp bölegini Aşgabadyň «Kolhozçy» toparynda geçirip, resmi oýunlarda 23 ýaşynda çykyş etmäge başlapdy. Şeýle hem ol Saratowyň «Sokol» toparynyň we Swerdlowskiýniň «Uralmaş» klubynyň derwezelerini gorapdy, şeýle-de ol Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda Gazagystanyň «Kaýrat» kluby üçin çykyş edipdi.
Esasy zat, Kafanow iki ýurduň milli ýygyndylarynyň düzüminde oýnamaga ýetişipdi. 32 ýaşynda Gazagystanyň milli ýygyndysy üçin çykyş etmäge başlap, soňra Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hatarynda oýnap, Eýran bilen dostlukly duşuşyklary we Aziýanyň çempionatynyň saýlama tapgyrynda Liwana garşy resmi oýunlary goşmak bilen, onuň düzüminde birnäçe oýny geçiripdi.