Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Bahram Dolyýewiň ýekelikdäki konserti geçiriler

15:1726.06.2025
0
23331

5-nji iýulda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda skripka çalmagyň ussady, «Türkmeniň Altyn asyry» baýragynyň eýesi Bahram Dolyýewiň ýekelikdäki konserti geçiriler.

Konsertde Eziz Jumanyýazowyň ýolbaşçylygyndaky «Kamerata Aşgabat» orkestriniň sazandarlyk etmeginde Wiwaldi, Çaýkowkiý, Debýusi, Sarasate, Rimskiý-Korsakow, Nury Halmämmedow we Röwşen Nepesow ýaly görnükli kompozitorlaryň eserleri ýaňlanar.

Konsert sagat 19:00-da başlanar.

Biletleri almak bilen baglanyşykly soraglar boýunça bildirişde görkezilen telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň