Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Erkek kişi 52 ýyllap aşgazanynda 17 santimetrlik diş çotgasy bilen ýaşapdyr

18:3625.06.2025
0
28611
Erkek kişi 52 ýyllap aşgazanynda 17 santimetrlik diş çotgasy bilen ýaşapdyr
Surat: M24.ru

Hytaýda lukmanlar diş çotgasyny ýuwdan 64 ýaşly erkek kişini halas etdiler. Diş çotgasy onuň aşgazanynda 52 ýyllap ýatypdyr diýip, «South Morning China Post» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berýär.

Anhoý ülkesinden bolan Ýan familiýaly pensioner lukmanlara aşgazanyndaky ynjalyksyzlanmadan nägilelik bildirip, ýüz tutupdyr. Ol 12 ýaşyndaka diş çotgasyny ýuwudandygyny, emma bu barada ene-atasyna aýtmakdan gorkandygyny gürrüň beripdir. Ol çotga aşgazanynda erändir diýip çaklapdyr, soňra ol barada düýbünden unudypdyr. Barlag wagtynda lukmanlar onuň içegesinde 17 santimetrlik diş çotgasynyň bardygyny anyklapdyrlar.

Endoskopyň kömegi bilen lukmanlar çotgany çykarypdyrlar. Operasiýa 80 minut töweregi dowam edipdir. Lukmanlar diş çotgasynyň aşgazanyň egrelýän ýerinde saklanyp, onýyllyklar boýy hereketsiz galandygyny aýdýarlar. Hut şu ýagdaý hem Ýany betbagtçylykly ýagdaýdan gorapdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň