Britan tagtynyň mirasdüşeri şazada Uilýam tagta çykanda, täçden ýüz öwrüp biler diýip, ýurduň «Daily Mirror» gazeti habar berdi.
Gürrüň tagtdan ýüz öwürmek barada däl. Munuň sebäbi şazadanyň göwnüne täç geýdirmek dabarasynyň köne dessurynyň ýarap barmaýandygydyr. Şol sanda Uilýama «Disney» kinostudiýasynyň filmlerinde wasp edilýän äpet täç asla ýakmaýar.
Ýeri gelende aýtsak, Britan şadöwletiniň Patyşasynyň täji 3170 sany gymmatbaha daş bilen bezelip, 5 milliard funt sterling bahalanýar. Täjiň agramy 1 kilogram çemesi. Şa aýal Wiktoriýa öz döwründe ony hemişe resmi dabaralarda göterip ýörmegi mümkin däl hasaplapdyr. Şonuň üçin täji Şa aýalyň yzyndan ýassyjakda göterip äkidipdirler, munuň üçin ýörite işgäriň wezipesi-de döredilipdir.