Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Günorta Koreýa raýatlaryny Eýrandan çykmakda beren goldawy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

12:4425.06.2025
0
16615
Günorta Koreýa raýatlaryny Eýrandan çykmakda beren goldawy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi
Surat: Newscentralasia.net

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Hökümetine Eýrandan çykýan koreý raýatlara berlen kömek üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu barada «Newscentralasia» habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, 24-nji iýunda Seuldaky Hökümet toplumynda geçirilen metbugat ýygnanyşygynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: «Eýranda ýaşaýan koreý raýatlaryna öz ýerlerinden üçünji ýurtlara howpsuz üstaşyr geçmeklerine goldaw berýändigi üçin, Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris» diýdi.

«Bu görkezilen raýdaşlyk ruhuna çuňňur minnetdarlyk bildirýäris, şeýle hem geljekde-de dostlugymyzy we hyzmatdaşlygymyzy has-da pugtalandyrmagy umyt edýäris» diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň