Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün hem wakalara baý boldy

12:4225.06.2025
0
13074

Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurduň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, medeni forumyň üçünji güni Ak bugdaý etrabynyň merkezi kitaphanasynda ýurduň kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen usulyýet maslahaty bilen badalga aldy. «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilen wezipeler maslahatda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.

Soňra bu giň gerimli çäre Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky medeniýet köşgünde dowam etdi. Bu ýerde «Parahatçylyk we ynanyşmak dost-doganlygyň binýadydyr» atly maslahat geçirildi. Ol ýurduň dürli künjeklerinden gelen žurnalistleri bir ýere jemledi. Maslahata gatnaşyjylar parahatçylygy pugtalandyrmakda, ýurduň çäginde we halkara giňişlikde ynanyşmak gurşawyny döretmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýeleýän orny barada söhbet etdiler.

Änew şäherinde Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet, sungat işgärleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi.

Medeniýet hepdeliginiň üçünji güni Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Şasenem-Garyp” operasynyň görkezilmegi bilen tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň