Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Britan arheologlary rim esgeriniň äpet köwşüniň dabanyny tapdylar

18:1924.06.2025
0
17894
Britan arheologlary rim esgeriniň äpet köwşüniň dabanyny tapdylar
Surat: Arkeofili

Arheologlar Beýik Britaniýanyň demirgazygyndaky rim döwrüniň Magna kiçi galasynyň harabasynda täsin tapyndynyň üstünden bardylar. Ýagny alymlar rim esgerine degişli aýakgabyň dabanyny tapdylar. Gönden edilen tapyndy iki müň ýyllap seňňeriň düýbünde howanyň täsirine sezewar bolmansoň, oňat saklanypdyr.

Tapyndynyň möçberinden çen tutsaň, onuň ölçegi 32 santimetr bolup, 48 ölçegdäki aýakgaba degişlidir, onuň eýesi uzyn boýly hem-de berk bedenli bolandyr diýip, alymlar çaklaýarlar. Äpet esgeriň aýakgabynyň dabany muzeýe gowşurylar. Arheologlar bu ýerde şeýle hem agaçdan ýasalan saç darak, ýüz boýagy salynýan mermer gutujyk tapdylar.

Bu barada «MIR 24» habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň