Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Belarusyň milli tehniki uniwersiteti onlaýn söhbetdeşligiň ikinji tapgyryny yglan etdi — orunlaryň soňkylary galdy

12:3824.06.2025
0
23658

Belarusyň milli tehniki uniwersiteti (BMTU) daşary ýurtly dalaşgärler üçin onlaýn söhbetdeşligiň ikinji tapgyryna badalga berlendigini yglan etdi. Söhbetdeşlik indiki hepde geçiriler we ol Belarus Respublikasynda goşmaça giriş synaglaryny tabşyrmazdan okuwa kabul edilmegiň soňky ädimi bolar.

Ýokary okuw mekdepleriň resmi wekili bolan «Bitewi Hyzmat» kompaniýasynyň habar bermegine görä, söhbetdeşlige onlaýn görnüşde, hiç ýere gitmän gatnaşyp bolýar, bu ýurdumyzyň ýaňy-ýakynda attestatlaryny ele alan orta mekdepleriniň uçurymlary üçin amatly mümkinçilikdir. Şunda köp hünär ugurlary boýunça ýerler eýýäm dolup, diňe çäkli sandaky boş orunlar galdy.

Okuwa kabul edilişine goldaw berýän «Bitewi Hyzmat» kompaniýasy onlaýn söhbetdeşligi üstünlikli geçmegiň ýeke-täk talap edilýän synagdygyny resmi taýdan tassyklady. Bu ýoly geçen dalaşgärler üçin Belarusda goşmaça giriş synaglaryny tabşyrmak talap edilmeýär.

BMTU-da okamaga isleg bildirýänlere wagt ýitirmän ýüz tutmak maslahat berilýär — kabul edişlik dowam edýär, ýöne boş orunlaryň sany çalt azalýar.

Elýeterli hünärler baradaky maglumatlar bilen şu salgylanma boýunça tanşyp bolýar.

Dalaşgärler üçin hödürlenýän hyzmatlar:

  • Okuwa girende uniwersitete çenli doly ugratmak;
  • Okuwa kabul edilende ähli tapgyrlarda maslahat berme;
  • Okaýan döwrüniň dowamynda goldaw berme.

Giňişleýin maglumatlary almak we hasaba alyş üçin şu telefonlar boýunça ýüz tutup bilersiňiz: +993 71 43 30 88, +993 62 02 30 84 ýa-da bitevihyzmat@gmail.com elektron poçtasy.

«Bitewi Hyzmat» kompaniýanyň edarasy Aşgabatda «Syýahat» myhmanhanasynda ýerleşýär.

Sosial sahypasy hem elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň