Ahal welaýatynda 22-nji iýunda badalga alan Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni türkmen medeniýetiniň baýdygyny we onuň köpdürlüdigini beýan edýän dürli çärelere baý boldy.
Çäre ýurdumyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň «Parahatçylygyň waspçylary» atly ajaýyp konserti bilen açyldy. Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň medeniýet öýünde ýaş zehinler öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler – diýip, TDH agentligi habar berýär.
Soňra döredijilik çäreleri Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky medeniýet köşgünde dowam etdi. Bu ýerde çeper söze we milli medeniýete aýratyn gadyr goýýanlar üçin ajaýyp dabara guraldy. «Baky Bitaraplyk — dillerde dessan» atly şygryýet agşamy ýurdumyzyň ussat şahyrlaryny we ýaş zehinleri bir ýere jemledi.
Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynda Babadaýhan etrabynyň Täze ýol geňeşliginde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky muzeýe gezelenç aýratyn orun aldy. Gezelenje gatnaşanlar galdyran mirasy türkmen halkynyň taryhy we medeni ösüşinde uly ähmiýete eýe bolan görnükli bilim işgäriniň durmuş hem-de zähmet ýoluna degişli muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar.
Gezelençden soňra, etrabyň Medeniýet merkezinde döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar muzeýe gezelençden galan täsirlerini paýlaşdylar, medeni mirasy gorap saklamagyň ähmiýetine ünsi çekdiler.
Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, Ahal welaýatynyň sungat işgärleriniň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli konsert bilen tamamlandy. Sahnada ýerine ýetirijiler, sazandalar, tansçylar çykyş edip, tomaşaçylara türkmen medeniýetiniň, sungatynyň giň döredijilik ugurlaryny ussatlyk bilen açyp görkezdiler. Konsert ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň ýokary ussatlyk derejesiniň, milli sahna sungatynyň ösüşine goşýan uly goşandynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.