Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Medeniýet hepdeliginde «Şükür bagşy» atly sahna oýny görkezildi

09:2924.06.2025
0
15020

«Şükür bagşy» atly sahna oýnunyň görkezilmegi Türkmenistanyň Ahal welaýatynda badalga alan Medeniýet hepdeliginiň ilkinji gününiň iň esasy wakasyna öwrüldi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berlişi ýaly, Kaka etrabynyň teatr-studiýa topary tarapyndan sahnalaşdyrylan bu oýun, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly eserine esaslanýar.

Sahna oýnunda agasyny halas etmek üçin ýola çykan meşhur türkmen sazandasy barada gürrüň berilýär. Şükür bagşy saz çalyp garşydaşyndan üstün çykýar we doganyny halas edýär.

Kaka etrap teatr-studiýasynyň müdiri Toýly Gurbangeldýew:

Medeniýet hepdeliginiň estafetasyny almak biziň üçin uly hormat. Biziň artistlerimiz dürli ýaşly, ýöne olaryň hemmesini teatra bolan berk söýgi baglanyşdyrýar. Esasy döredijilik meselelerini çözmäge ukyply, özboluşly topar döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň