Efiopiýa «ýaşyl miras» atly her ýylky milli bag ekmek çäresi üçin 8,4 mlrd agaç nahalynyň taýýarlanandygyny habar berdi. Bu barada ýurduň Oba hojalyk ministrligine salgylanýan «Fana Media Corporation» neşiri habar berdi diýip, «TV BRICS» ýazýar.
Ministrligiň maglumatlaryna laýyklykda, nahallar 1,9 mln gektarda oturdylar.
Efiopiýadaky bag ekmek tutumy 116 müň sany çägi öz içine alýar, olaryň arasynda döwlet edaralarydyr mekdepler, fermer hojalyklary bar. Taýýarlanan nahallar tokaý, bambuk, bezeg we garyşyk görnüşdedir.
«Ýaşyl miras» başlangyjy bu ýurtda 2019-njy ýyldan bäri dowam edýär, ol hatardan çykan ekoulgamlary dikeltmäge hem-de howanyň üýtgemeginiň netijelerine garşy göreşmäge niýetlenendir.