Russiýanyň demirgazyk paýtagtynda gabawdaky Leningrad şäherinden göçürilen 150 çagany penalan gyrgyz gyzy barada film surata düşürilip bilner. Bu barada «Lenfilm» kinostudiýasy GDA ýurtlarynyň kinostudiýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen «tegelek stoluň başyndaky» söhbetdeşligiň jemleri boýunça habar berdi.
Ýagny Gyrgyzystanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky kinematografiýa departamentiniň ýolbaşçysy «Lenfilm» kinostudiýasyna 16 ýaşly Toktogon Altybasarowanyň gahrymançylykly ykbaly barada bilelikde film surata düşürmegi teklip etdi.
Toktogon Altybasarowa Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda öz öýünde gabawdaky Leningraddan getirilen 150 çagany penalapdyr.
«Lenfilm» kinostudiýasyny GDA ýurtlarynyň köpüsi bilen bilelikdäki taryh baglanyşdyrýar. Mysal üçin, Baku şäherinde «Adam-amfibiýa», «Meniň mähriban kakam», «Bakuwyň yşyklary» atly filmler surata düşürildi. Uruş ýyllary «Lenfilm» we «Mosfilm» kinostudiýalary Gazagystana göçürildi. Kinostudiýalaryň işgärleri şeýle hem Gyrgyzystanda, Özbegistanda, Gruziýada işlediler.