Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Klon» we «Tropikli gyz» atly seriallaryň ýyldyzy Fransisku Kuoku aradan çykdy

13:4021.06.2025
0
27023
«Klon» we «Tropikli gyz» atly seriallaryň ýyldyzy Fransisku Kuoku aradan çykdy
Surat: RBK Life

Brazil telewideniýesiniň ýyldyzy Fransisku Kuoku 91 ýaşynda aradan çykdy diýip, «CNN Brasil» neşirine salgylanýan «rbc.ru» habar berdi.

Kuoku 1933-nji ýylyň noýabrynda dünýä indi. Ol onlarça teleseriallarda surata düşdi, olaryň arasynda «Ýekirlenleriň legiony», «Anuşka — ýeňilkelle we zenan», «Dartyş», «Azapsyz pullar», «Ýedinji duýgy», «Howenäniň çagalary», şeýle hem padre Mattioliniň keşbini janlandyran «Tropikli gyz» hem-de «Klon» seriallary bar.

«Klon» atly meşhur serial 2001-nji ýylda tomaşaça ýetirildi. Žadi bilen Lukasyň söýgüsiniň taryhy birnäçe onýyllyklar dowam etdi. 250 bölümden ybarat bu teleserialyň muşdaklary millionlarça adam boldy. Awtorlar serialda klonlaşdyrmak, din bilen ylymyň arasyndaky gatnaşyklar barada söhbet edýärdiler.

Kuoku aýal dogany bilen bir öýde ýaşaýardy hem-de saglyk ýagdaýy sebäpli gündelik durmuşda ýardama mätäçdi. Artist 2023-nji ýylda teletaslamalardan gitdi.

Soňky döwürde onuň teleseriallaryň rowaýaty ýyldyzy bolandygyna garamazdan, bu žanrdaky filmlere az üns berendigi, habarlara we çeper filmlere tomaşa edendigi habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň