Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Iýul aýynda Türkmenistanda nähili medeni çäreler geçiriler?

11:5021.06.2025
0
32419
Iýul aýynda Türkmenistanda nähili medeni çäreler geçiriler?
Surat: Türkmenistan: Altyn Asyr

Türkmenistanda indiki aýyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary, sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, iýul aýynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Aşgabat we Arkadag şäherleri, Ahal, Balkan, Daşoguz welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlaryny, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň açylyp ulanmaga berilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada sanly ulgam arkaly 20-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowanyň şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi hakyndaky hasabatynda aýdyldy. Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurtda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilýändigini, beýik ösüşleri beýan edýän birnäçe dabaraly çäreleriň geçirilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere şu ýylyň iýul aýyndaky çäreleri geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň