«Zyýat Hil» konditer dükanlary Hil zynjyry müşderilerine süýjülikleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär.
Müşderiler näzik biskwit tortlary tagamly eklerler ýaly tanyş tagamlardan lezzet alyp bilerler, şeýle hem süýjülikler dünýäsinde özleri üçin täze gözýetimleri açyp bilerler. «Zyýat Hiliň» konditerleri süýjülikleriň düzümi, şekili we tagam utgaşmalary bilen yzygiderli synag geçirip, täze önümleri döredýärler.
«Zyýat Hil» – bu adaty çaý içişlik bolsun, maşgala baýramçylygy ýa-da işewürlik çäresi bolsun, islendik waka üçin aýratyn bir zat gözleýänler üçin iň amatly ýerdir.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
- Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
- Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.
Sosial ulgamdaky sahypasy.
Ýatlatsak, «Zyýat Hilde» 150 manatdan başlaýan bahalardan süýjülik sargyt edilende, Aşgabada we Gökdepe etrabyna eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.