Peterburg halkara ykdysady forumynda Russiýanyň NTW teleýaýlymy we «Soýuzmultfilm» kinostudiýasy «Dur, bakaly!» atly rowaýaty multserialyň äheňinde doly göwrümli çeper filmi döretmek barada ylalaşyk baglaşdylar. Bu barada «Kanobu.ru» saýty habar berdi.
Film uly ekranlara 2028-nji ýylda çykarylar. Onuň önümçiligi bilen «Temp» kinokompaniýasy meşgullanar.
NTW teleýaýlymyň baş prodýuseri Timur Waýnşteýniň sözlerine görä, «Dur, bakaly!» diňe bir multfilm bolman, ýurduň medeni mirasynyň möhüm bölegidir. Ol Möjek we Towşan baradaky çeper filmiň sowet animasiýasynyň täzeden goýberilmeginde öz ornuny eýelejekdigine ynanýar.
Ýeri gelende aýtsak, asyl multserialyň ilkinji bölümleri 1969-njy ýylda tomaşaça ýetirildi. 2021-nji ýylda onuň täzelenen taslamasy çykdy.
Täze filmiň surata alnyş işleri golaý ýyllarda başlanar.
