Mary welaýatynyň kärendeçileridir işewür telekeçileri şugundyryň ekişini giňden ýaýbaňlandyrdylar. Öňki ýyllarda bolşy ýaly, olar 2025-nji ýylda hem 17 müň 900 gektara gant şugundyryny ekmegi maksat edinýärler. Şol maksada ýetmek üçin olar bu möwsüme ählitaraplaýyn taýýarlykly geldiler diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, daýhanlar, ilkinji nobatda, şugundyryň ýokary hilli tohumy bilen üpjün edilýär. «Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan daýhanlara zerur kömekleriň hemmesi aýny wagtynda berilýär. Ekiş geçirýän tehnikalara, oba hojalyk gurallaryna tehniki, ekişe gatnaşýan adamlara medeni hyzmatlar ýetirilip durulýar.
Mary welaýatynyň gallaçylary aralyk ekin hasaplanýan gant şugundyryny bugdaýdan boşan meýdanlary saman-sypaldan arassalap, şüdügär sürümini geçirip, indiki ýylyň ýazynda gowaça meýilleşdirilýän meýdanlara ekýärler. Bu iş usuly, bir tarapdan, ekin dolanyşygyny ýola goýmaga, ýylda iki hasyl almaga şert döretse, beýleki bir tarapdan, topragy gurplandyrmaga kömek edýär.
Hünärmenleriniň aýtmagyna görä, şugundyryň yzyna gowaça ekseň, her gektaryň hasyllylygy birnäçe sentner artýar.