Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy Eýrandaky daşary ýurtlulara öz Watanlaryna dolanmakda ýardamyny hödürleýär

13:4519.06.2025
0
16909
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy Eýrandaky daşary ýurtlulara öz Watanlaryna dolanmakda ýardamyny hödürleýär
Surat: Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy

Ýakyn Gündogar sebitinde dörän ýagdaýlar bilen baglylykda, Türkmenistanyň Tokiodaky diplomatik wekilhanasy ilçihananyň konsullyk okrugyna degişli ýurtlaryň (Ýaponiýanyň, Filipinler Respublikasynyň, Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň) raýatlaryna Eýrandan öz Watanlaryna dolanmaklaryna Türkmenistanyň çäkleri arkaly ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi. Degişli bildiriş Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň saýtynda ýerleşdirildi.

«Şeýle ýagdaýda degişli kömegi almak üçin pasportlaryň nusgalary bilen birlikde haýyşnamany aşakdaky elektron salgysyna ibermek haýyş edilýär: consulate_jp@mfa.gov.tm» diýlip, bildirişde bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň