Gyrgyzystanyň «Uçkun» döwlet konserni Namibiýa üçin biometrik resminamalary çap etmäge başlady. Respublikanyň Prezidentiniň işleri boýunça dolandyryjy Kanybek Tumanbaýew bu barada söz açyp: «Öň Gyrgyzystan özi üçin biometrik pasportlary daşary ýurda sargyt edýärdi, indi bolsa ýurdumyz ýokary hilli resminamalaryň önümçiligine girişdi we halkara giňişlikde bäsdeşlige ukyplydyr» diýdi.
Daşary ýurtly sargytçy üçin biometrik pasportlaryň ilkinji tapgyry eýýäm çap edildi we gowşuryldy. Gürrüň 130 müň pasport barada barýar. Namibiýa tarapy olaryň hiline ýokary baha berdi hem-de täze sargyt etmek kararyna geldi.
Gyrgyzystan pasportlary taýýarlamaga geçen ýylyň ýazynda girişdi. 2024-nji ýylyň tomsunda ýurduň raýatlaryna milli önümçilikdäki pasportlar paýlanyp başlandy. Resmi maglumatlara laýyklykda, ýurduň içinde pasport çap etmek bilen, Respublika uly möçberde serişde tygşytlady diýip, «rg.ru» ýazýar.