Ýakyn Gündogar sebitinde dörän ýagdaýlar bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň müňlerçe raýaty Eýrandan çykmaga we öz ýurduna dolanmaga çalyşýar.
Bu babatda mümkin bolan ugurlaryň biri Türkmenistan üstünden geçmekdir. Türkmenistan bu maksat üçin gije-gündiz açyk bolan ynsanperwerlik geçelgesini döretdi.
Ýurt Eýranyň çäginden gelýän adamlary mähir-mylakat hem-de myhmansöýerlik bilen garşy alýar. Olara tagamly miweler we gök önümler bilen bezelen şwed stoly hödürlenilýär. Daşary ýurtlaryň raýatlary iň gowy myhmanhanalarda ýer, ilkinji zerurlyk harytlary we transport hyzmatlary üpjün edilýär. Bu barada «МИР 24» habar berdi.
Habaryň taýýarlanan wagtynda Türkmenistanyň «Bajgyran» gözegçilik-geçiriş nokadyndan 14 adam geçdi: Hytaýyň alty raýaty, Gazagystanyň iki raýaty we Kataryň alty raýaty. Türkmenistanyň Eýran bilen serhedindäki «Artyk» gümrük nokadyndan bolsa, takmynan, 200 pakistanly Türkmenistanyň çägine geçdi. Olar Türkmenistanyň myhmansöýerligi barada şeýle gürrüň berýärler:
Farýal Legari, Pakistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili:
«Türkmenistan doganlyk ýurt hökmünde hemişe bize kyn wagtda kömek edip geldi. Biz edilen kömek üçin örän minnetdardyrys».
Zahid Munir Amir, pakistanly alym, şahyr, tankytçy, gözlegçi we media bilermeni:
«Biz Türkmenistana adatdan daşary ýagdaýda geldik we bu ýurt hem-de türkmen halky bilen ilkinji tanyşlygymyz boldy. Men munuň ajaýyp tejribe bolandygyny aýtmak isleýärin. Biz beýik we owadan şäheri gördük. Bu ajaýyp ýer we bu ýerde ajaýyp adamlar ýaşaýar. Bize görkezilen mähir-mylakat, üns-alada we myhmansöýerlik üçin çäksiz minnetdardyrys».
Asad M.Han, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary:
«Türkmenistanyň doganlyk halkyna pakistanly ýolagçylaryň Aşgabatdan geçmegine kömek edenligi we hyzmatdaşlygy üçin çuňňur minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Türkmenistanyň Hökümetiniň we ilçihanamyzyň goldawy bilen biz bu üstaşyr ugry häzirki wagtda howpsuz, ygtybarly we netijeli dowam etdirýäris».
Soňra gazak raýatlary demir ýol arkaly öz ýurtlaryna dolandy, pakistanlylaryň uly topary bolsa milli howaýollary bilen uçup gitdi diýip, çeşme belleýär.
Mundan ozal, Türkmenistanyň 120 sany daşary ýurtlyny kabul edendigini habar beripdik.