Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Öýlenýän ýigit toýda gelinligini görüp huşundan gitdi

18:3718.06.2025
0
29084
Öýlenýän ýigit toýda gelinligini görüp huşundan gitdi
Surat: Lenta.ru

Braziliýada öýlenýän ýigit toý wagty özünden gitdi. Bu barada «New York Post» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, 25 ýaşly Gustawo Şmits diýen ýigit toý wagty howsalasyny sazlamak üçin derman içipdir. Ol toýa taýýarlyk wagty, toý başlanandan soňam özüni ynjalyksyz alyp barypdyr.

«Günüň özi başagaýlykda geçdi – myhmanlar eýýäm gelip başlady, emma birgiden işler bitirilmän galypdy» diýip, ol soňra gürrüň beripdir. Ähli zatlar başlananda, Şmits mysaýybyna özüni ýaramaz duýýandygyny aýdypdyr, emma degişgen ýigit bolansoň, onuň bu zeýrenmesine hiç kim üns bermändir.

Toý zalynda ýigit gelinligine-de özüni oňat duýmaýandygyny aýdypdyr, emma gyz oňa gatybir üns hem bermändir. Haçanda pastor nikalaşmak dabarasyna başlanda, ýigit özünden gidip ýykylýar, hernä ony dindar wagtynda tutmaga ýetişýär. Myhmanlar hem Şmitse kömege ylgaýarlar.

Erkek kişiniň sözlerine görä, onuň ymykly huşuny ýitirmegine gelinliginiň şol gün çakdanaşa zyba görnendigi-de sebäp bolupdyr. Öýlenýän ýigidiň döreden kiçeňräk başagaýlygyna garamazdan, toý soňra diýseň şagalaňly geçdi diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň