Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen Hytaýyň Şensi welaýaty doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy

10:0018.06.2025
0
15959

Türkmenistanyň Ahal welaýaty bilen Hytaýyň Şensi welaýatynyň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Bu barada TDH habar berýär.

Ahal welaýatynyň häkimligi (Türkmenistan) bilen Şensi welaýatynyň halk hökümetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Ahal welaýaty bilen Şensi welaýatynyň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakyndaky degişli Ylalaşyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň barşynda yglan edildi. Döwlet Baştutany bu ýurduň paýtagty Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitine gatnaşdy.

Sammite şeýle-de HHR-iň we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary gatnaşdylar.

Sammitiň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama; «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň Astana Jarnamasyna gol çekildi.

Şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde raýatlaryň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasyndan soňra, «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki hyzmatdaşlyk merkezleriniň açylýandygy yglan edildi we bu barada wideoşekiller görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň