Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň U-12 tennis çempionatyna gatnaşar

14:3616.06.2025
0
16649

Türkmen tennisçileri 16-21-nji iýun aralygynda Özbegistanyň Fergana şäherinde geçiriljek bäş ýurduň wekilleri bilen 12 ýaşa çenli çagalar arasynda geçiriljek toparlaýyn Merkezi Aziýanyň çempionatyna gatnaşarlar. Ýeňiş gazanan toparlar Aziýa çempionatynyň final tapgyryna gatnaşmak hukugyna eýe bolarlar – diýip, «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berilýär.

Türkmenistanyň zenanlar toparyny bu ýaryşda baş tälimçi Ýuriý Roguskiýniň ýolbaşçylygynda Näzli Hudaýgulyýewa, Sähra Garahanowa we Sülgün Işangulyýewa wekilçilik ederler. Erkek toparynyň düzüminde bolsa Miraly Gasanowyň ýolbaşçylygynda Ýunus Annamyradow, Ýegenmämmet Nurýagdyýew we Erkin Altýýew çykyş ederler.

Şuňa meňzeş ýaryş 2022-nji ýylda Owganystany goşmak bilen sebitiň alty ýurdunyň toparlarynyň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilipdi. Ýaryş Türkmenistanyň paýtagtynyň Olimpiýa şäherçesiniň tennis toplumynda geçirilipdi we bu toplum Aziýanyň tennis federasiýasynyň (ATF) karary bilen «Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» derejesini aldy. ATF-nyň ýolbaşçylary ýaryşyň ýokary derejede geçirilen ýaryş hökmünde baha berip, ony nusgalyk diýip atlandyrypdylar.

Topluma 2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda degişli şahadatnama Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) Aziýada tennisiň ösdürilmegi boýunça wekili Seýedamir Borgheý tarapyndan gowşurylypdy.

ATF-nyň wise-prezidenti Eziz Döwletowyň habar berşi ýaly, 2025-nji ýylyň 4-15-nji awgust aralygynda Aşgabatda ITF-nyň goldaw bermegi bilen Level 1 hünär derejesine eýe bolan milli hünärmenler we Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň tälimçileri üçin Level 2 derejeli sebit tälimçileri üçin okuw-seminary geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň