Düýn – ýekşenbede ir bilen Hindistanyň Uttarakhand ştatynda ýolagçy dikuçary heläkçilige uçrap, ýedi adam, şol sanda uçarman hem-de iki ýaşly çaga gurban boldy. Bu barada «News18» teleýaýlymyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
«ANI» habarlar agentliginiň ady tutulan ştatyň howa gatnawlary boýunça ýerli edarasyna salgylanyp habar bermegine görä, uçaryň ýykylmagyna ýaramaz howa sebäp boldy. Habara görä, dikuçar Gaurikunda ilatly ýerinde awiadispetçer gullugy bilen aragatnaşygy ýitiripdir.
Dikuçarda induistler üçin meşhur ýere zyýarata barýan ýolagçylaryň bolandygy habar berilýär.