Ozal habar berşimiz ýaly, jiu-jitsu boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy 13 — 15-nji iýun aralygynda Rimde (Italiýa) geçirilýän «Mediterranean Open Grand Prix» halkara ýaryşyna gatnaşýar.
Ýaryşyň ilkinji gününde türkmen türgenleri ençeme medallara mynasyp boldular. Has takygy, newaza görnüşi boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň agzalaryndan Baýram Röwşenow (56 kg), Parahat Rahmanow (62 kg), Begli Saparow (69 kg) we Aýnur Kullyýewa (45 kg) altyn medalyň eýesi boldular. Şeýle-de şol görnüş boýunça Baýram Röwşenow (62 kg), Jelilmuhammet Hojamyradow (94 kg), Rahmet Taganow (69 kg) we Hurma Abdyýewa (48 kg) dagy kümüş medal gazandylar. 48 kilograma çenli agram derejede hem newaza görnüşi boýunça güýjüni synap gören Aýnur Kullyýew üçünji orny eýeledi.
Faýting görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlarda türkmen türgenleri birbada üç sany bürünç medal gazanmagy başardylar. Has takygy, Türkmenistanyň ýygyndysynyň agzalaryndan Baýram Röwşenow 56 kilograma çenli agram derejede, Jelilmuhammet Hojamyradow 94 kilograma çenli agram derejede hem-de Suraý Gökgäýewa 57 kilograma çenli agram derejede hormat münberiniň üçünji basgançagyna göterildiler.
Mundan başga-da, Rahmet Taganow master görnüşi boýunça altyn medal bilen sylaglanyldy.
Ýeri gelende bellesek, «Mediterranean Open Grand Prix» dünýäniň dürli ýurtlaryndan iň güýçli türgenleri özüne çekýän abraýly halkara jiu-jitsu ýaryşlarynyň biridir.