Eýranly alymlar innowasion biodargaýjy batareýa döretdiler, enjam 100 sagadyň dowamynda elektrik energiýasyny işläp çykarmaga ukyply bolup, ondan soňra daşky gurşaw üçin zyýansyz doly dargap gidýär. Bu barada «Mehr News Agency» habarlar agentligine salgylanýan «Rambler.ru» ýazýar.
Tehnologiýanyň esasy suwda ereýän kagyzdan we ýogurtlarda saklanýan probiotiklere meňzeş bakteriýalardan ybaratdyr. Bu bakteriýalar organiki maddalary bölmek arkaly elektronlary işläp çykarýarlar. Täze batareýalary implantatlary iýmitlendirmek üçin lukmançylykda, şeýle-de daşky gurşaw duýduryjylarynda hem-de bir gezeklik elektronikada peýdalanyp boljakdygy aýdylýar.
Taslamanyň üstünde 20 ýyl işlenildi, alymlar oýlap tapyşyň ekologiýa taýdan arassadygyny we howpsuzdygyny nygtaýarlar.