Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda belli antropolog alymyň 90 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

13:5312.06.2025
0
25707

Türkmen döwlet medeniýet institutynda institutyň Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bilelikde guramagynda belli antropolog alym Orazmuhammet Babakowyň 90 ýyllygyna bagyşlanan «Dünýäniň antropologiýa ylmyna türkmen alymynyň goşandy» atly maslahat geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Maslahata institutyň mugallymlarydyr talyplary bilen birlikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary, ylmy işgärleri gatnaşdylar.

Orazmuhammet Babakow 1935-nji ýylda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda dünýä inýär. Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna işe girip, şol ýerde tä ömrüniň ahyryna çenli üstünlikli zähmet çekýär. Orazmuhammet Babakow 86 ýaşynda aradan çykýar. Onuň 1977-nji we 1988-nji ýyllarda ylmy kitaplary çap edilýär. Şeýle hem ol ýüzlerçe ylmy makalalaryň hem awtorydyr.

Habarda bellenilişi ýaly, Orazmuhammet Babakow öz ömrüni antropologiýa ylmyna bagyşlan adam. Şeýle hem diňe bir türkmen ylmynda däl, eýsem, dünýäniň antropologiýa ylmyna uly goşant goşan alym. Maslahatda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, bu alyma diňe bir ylym tarapdan alym däl-de, adamkärçilik, ynsanperwerlik, watansöýerlik tarapdan hem uly alym diýmek bolar.

Şeýle hem «Orazmuhammet Babakowyň meýdan antropologiýasyndaky orny» atly temada çykyş bolup, belli antropolog L.W.Oşaniniň şägirdi bolan Orazmuhammet Babakowyň ylmy işleri, taryhy açyşlary barada gyzykly maglumatlar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň