Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäde ýaragly çaknyşyklaryň rekord derejä ýetendigini hasaba aldylar

09:5112.06.2025
0
16193
Dünýäde ýaragly çaknyşyklaryň rekord derejä ýetendigini hasaba aldylar
Surat: Kun.uz

Geçen 2024-nji ýylda dünýäde soňky 70 ýyldaky iň köp ýaragly gapma-garşylyk hasaba alyndy diýip, Oslodaky Dünýäni öwreniş instituty (PRIO) hasaplaýar.

«Iki müň ýigrimi dördünji ýyl täze ýakymsyz rekord bilen taryha girdi: soňky ýetmiş ýylda döwlet derejesinde ýaragly gapma-garşylyklaryň rekord sany hasaba alyndy» diýlip, guramanyň çap eden hasabatynda aýdylýar.

Anyk aýdylanda, 2024-nji ýylda 36 ýurtda 61 sany gapma-garşylyk boldy, şunda Afrika iň köp ejir çeken sebitdir, ol ýerde 28 gapma-garşylyk hasaba alyndy.

Aziýada 17; Ýakyn Gündogarda 10; Ýewropada 3 we Amerikada 2 harby çaknyşyk boldy. Harby hereketler netijesinde gurban bolanlaryň sany 129 müň adama deň diýip, guramanyň hasabatyna salgylanýan «RIA Nowosti» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň