Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanly är-aýal 70 ýyl bile ýaşanlaryndan soňra toý tutdy

18:3111.06.2025
0
23041
Hindistanly är-aýal 70 ýyl bile ýaşanlaryndan soňra toý tutdy
Surat: Gazeta.ru

Hindistanly är-aýalyň 70 ýyl bile ýaşaşanlaryndan soňra toý tutandyklaryny «The Indian Express» habar berdi.

Ýurduň Rajastan ştatynyň Dungarpur okrugynda ýerleşýän Galandar obasynda ýaşaýan 95 ýaşly Rama Bhaý Kharari we onuň 90 ýaşly aýaly Jiwali Dewi bile ýetmiş ýyl ömür sürenlerinden soňra öz nikalaryny resmi bellige aldyrdylar.

Olar sekiz çaga ösdürip ýetişdirdiler, birnäçe agtyklarydyr çowluklary bar. Är-aýal şunça wagtlap Nata taýpasynyň däbine görä ýaşadylar, oňa görä, erkek kişi bilen zenan gatnaşyklaryny resmi hasaba aldyrmazdan, bile ýaşaşyp bilýärler. Bu ýerli medeniýetde doly bahaly hasaplanýar, olardan doglan çagalar hem kanuny hasap edilip, çagalaryň emläge hukugy-da bar.

Emma soňky ýyllarda maşgalada Jiwali Dewiniň resmi nikasynyň ýokdugy sebäpli belli bir durmuş çäklendirmelerine uçrandygyny gördüler. Mysal üçin, zenana öz çagalarynyň toýlarynda däplere gatnaşmaga rugsat bermeýärdiler, öýlenýän ýigit garşylananda, ony gyzynyň hakyky ejesi hökmünde görmän kemsidýärdiler.

«Kakam, ejem nikadan geçmäge isleg bildirdiler, bütin maşgala bolup goldadyk» diýip, är-aýalyň ogly gürrüň berdi.

Obanyň kethudalary-da bu pikiri oňladylar, nika dabarasy iýunyň başynda boldy, oňa bütin oba ýygnandy.

«Ähli obamyz üýşdi. Biz aýdym-saz, tans bilen toýy uludan tutduk. Ähli däp-dessurlary-da bolmalysy ýaly berjaý etdik» diýip, çatynjalaryň çagalary gürrüň berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň