Russiýada ýurduň taryhyna degişli kitaplara isleg 31 göterim artdy. Bu barada «MTS-«Stroki» kitap hyzmatynyň metbugat gullugynda habar berdiler diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Russiýanyň taryhyna degişli işlere Moskwa, Sankt-Peterburg şäherlerinde, Krasnodar ülkesinde, Moskwa, Leningrad, Nowosibirsk we Samara oblastlarynda, Başgyrdystan we Tatarystan Respublikalarynda gyzyklanma has artdy.
Russiýanyň taryhy boýunça iň köp okalýan kitaplaryň ilkinji bäşligine: «SSSR-iň terk edilen şäherleri»; «Baýlyk. Birinji bölüm. Biderek pul harçlaýjylar»; «Baýlyk. Ikinji bölüm.Kamçatka, söýgim meniň»; «Keramatly Wladimiriň çokundyrylyşy»; «Gadymy Rus. Rýurikden Baty hana çenli» girdi.