Belarusuň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko «Belarusfilm» kinostudiýasyny tankyt etdi diýip, TASS ýazýar.
Lukaşenko studiýanyň gazanýan netijelerinden, umuman, belarus kino pudagynyň işinden düýpli nägilelik bildirdi.
«Döwlet ýurduň kinematografynyň we «Belarusfilmiň» ösmegi üçin şertleri döretdi. Ýöne netije ýok. Düýbünden ýok! Ne döwlet, ne-de tomaşaçy netije görenok» diýip, syýasatçy nygtady.
Prezidentiň sözlerine görä, belaruslaryň köpüsi üçin milli kino «44-iň awgusty...» we «Brest galasy» filmleri bilen geçmişe siňdi. «Indi seredere zat hem ýok» diýip, Lukaşenko hasaplaýar. Ol şeýle-de kinostudiýanyň maşgala, ýetginjek we çaga tomaşaçylaryny ýitirendigini sözüniň üstüne goşdy.
Belarus Lideri ýerli kinematografyň diňe anyk netije dörän halatynda maliýeleşdiriljekdigini aýtdy. «Goý, öndürsinler, satsynlar, eklensinler. Näçe wagtlap kömek etmeli? Olar döwletiň egninde otyrlar ahbetin. Biz puly nämüçin bermeli?» diýip, Lukaşenko aýtdy diýlip, habarda beýan edilýär.