Türkmenistanyň oba hojalykçylarynyň ygtyýaryna «John Deere» kompaniýasynyň «M732i» kysymly ýokary hilli pürküji tirkegleri gelip başldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu tirkegler ekin meýdanlaryna suwuk görnüşinde dökün bermäge, ýagny ekinleri ýapragyndan iýmitlendirmäge, şeýle hem olara zelel berýän zyýankeşlere garşy göreşmäge niýetlenendir.
Kämil pürküji «John Deere», «CLAAS», «MTZ» ýaly oba hojalyk tehnikalaryna tirkelýär we sanly elektron ulgamy arkaly dolandyrylýar. Tirkegiň iş gerimi 24 metre barabar bolup, ol pürküji enjamlaryň kömegi bilen ekin meýdanynyň ýagdaýyna görä, 24, 18, 12, 6 metr inlilikde ideg edilýän ekinlere ýörite taýýarlanan dökünli ýa-da zyýankeşlere garşy ulanylýan suwuklygy dürli basyşlarda tozanlandyryp, pürküp bilýär.
Täze tirkegiň ýene bir oňaýly tarapy, tekerleriniň aralygynyň ekinleriň 60, 75 we 90 santimetr hatarara inine laýyk üýtgedilip bilinýänligidir. Pürküjiniň esasy çeleginiň göwrümi 3 müň 200 litre barabar bolup, doly iş ýagdaýyndaky agramy 6 müň 960 kilograma deňdir.
Lebap welaýatynyň «IPC Agri» bilelikdäki kärhanasynyň merkezi edarasynyň, «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşigine we welaýatyň oba hojalyk ulgamyna degişli hünärmenleriň, agronomlaryň, ösümlikleri goramak gullugynyň işgärleriniň, tejribeli mehanizatorlaryň, Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda tirkegiň iş häsiýetnamasyny hem-de meýdan şertlerinde iş ýagdaýyny öwrenmek boýunça maslahat geçirildi.
Maslahat soňra welaýatyň Çärjew etrabynyň J.Hekimow adyndaky daýhan birleşiginiň gowaçaly meýdanlarynda dowam etdirildi. Daýhanlaryň ygtyýaryna gelip gowuşýan pürküji tirkegler bada-bat ekin meýdanlaryna ugradylýar diýlip, habarda bellenilýär.