Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Italiýanyň dünýä belli kompozitory Ennio Morrikoneniň unudylmajak eserleri nusgawy aýdym-saz muşdaklaryna hödürlenildi. Saz agşamynda italiýaly ussat kompozitor hem sazanda Nello Salza türkmen kärdeşi, dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri we opera aýdymçysy Bahar Durdyýewa bilen bilelikde çykyş etdi. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Ennio Morrikoneniň 500-den gowrak film üçin döreden saýlama eserlerinden ýerine ýetirilen çykyşlary tomaşaçylar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Dabara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde Italiýa Respublikasynyň ilçihanasy tarapyndan guraldy.
Aýdym-saz agşamynda 1986-njy ýylda «Tabşyryk» (The Mission), 1971-nji ýylda çykan «Kimdir bir italýan» (Chi Mai) we 1968-nji ýyldaky «Bir wagtlar Günbatarda» (Once upon a time in the West) kinofilmlerine döredilen sazlar, 1969-njy ýylda döredilen italýan kinofilmindäki «Bir gün agşamlyk nahary» (Metti una sera a cena) we 1986-njy ýyldaky «Tabşyryk» (The Mission) filminiň aýdymlary ýerine ýetirildi.