Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

EXPO-2025-iň çäklerinde Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň meýdançasynda halkara maslahat geçirildi

09:5307.06.2025
0
8024

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän EXPO-2025 Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň meýdançasynda «Ekologiýa abadançylygy — ösüşiň möhüm şerti» atly halkara maslahat guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Maslahata Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Baýramow, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri, EXPO-2025-niň ýolbaşçylary hem-de dürli ýurtlaryň wekiliýetleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň halkara ekologiýa başlangyçlary, ýurtda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tokaý zolaklaryny giňeltmek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň tebigy baýlyklary, bioköpdürlüligi we halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça ýörite taýýarlanan wideoşekil görkezildi.

Maslahatyň jemleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň zerurdygy bellendi diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň