Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn Çaýhana»: Aşgabatda göçme dabaralary we banketleri guramak hyzmaty

17:1406.06.2025
0
38061

«Altyn Çaýhana» restorany Aşgabat şäherinde gastronomiki hyzmatlary ýerine ýetirmekde adaty restoranlardan tapawutlylykda, ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýär.

Restoran öz hyzmatlaryny göçme dabaralary guramakda hem ýokary derejede hödürlemek bilen, eýýäm bu ugurda baý tejribe toplady. Munuň özi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylaryna restoranyň özünde ýetirilýän hyzmatlaryň hil derejesinden göçme dabaralarda we beýleki çärelerde hem lezzet almaga mümkinçilik berýär.

Hünärmenler toparynyň we oýlanyşykly daşama hyzmatlarynyň kömegi bilen, restoran aşpezlik ussatlygynyň we hyzmatlarynyň ýörelgelerini saklap, dürli ululykdaky hem-de görnüşdäki dabaralaryň kemsiz guralmagyny üpjün edýär.

«Altyn Çaýhananyň» hünärmenler topary hudaýoly, sadaka we durmuş toýy ýaly dabaralar üçin giňişleýin göçme hyzmatlary ýetirýärler. Hyzmatlar baýramçylyk çadyrlaryny dikmegi, tejribeli hyzmatçylaryň hyzmatyny we ussat aşpezler tarapyndan naharlaryň taýýarlanylmagy öz içine alýar. Şol bir wagtyň özünde, müşderiler goşmaça hyzmatlardan ýüz öwrüp, diňe naharlary hem sargyt edip bilerler.

Restoranyň menýusy aşhana däpleriniň dürli ugurlaryny öz içine alýar: bu ýerde adaty türkmen tagamlaryndan başlap, ajaýyp türk we Ýewropa aşpezlik eserlerine çenli hödürlenýär.

«Altyn Çaýhana» restorany şu salgyda ýerleşýär: Gurbansoltan eje köçesi, 168-nji jaý (Demir ýol menziliniň golaýynda).

Göçme hyzmatlary şu telefon belgileri arkaly sargyt edip bilersiňiz: +993 12 94 11 61, +993 12 94 11 71, +993 65 72 37 46, +993 65 72 35 47, +993 65 65 53 10. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň