Öňdäki iki ýylyň dowamynda Russiýada inženerleriň, işçileriň hem-de lukmanlaryň ýetmezçiligi dörär. Bu barada ýurduň «Roskaçestwo» edarasynyň guramaçylykly ösüş departamentiniň direktory Ýewgeniýa Gankina «Gazeta.ru» neşiri bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Gankina muňa 90-njy ýyllarda ilatyň artyşynyň pese gaçmagynyň, hünärmenleriň ýurtdan gitmeginiň we tehnologik özgerişlikleriň sebäp boljakdygyny belledi. Inženerlere zerurlyk aýratyn hem energetika, maşyn we awiagurluşykda dörär.
Ýolbaşçynyň sözlerine görä, işçileriň arasynda kebşirleýjilere, stanokçylara, elektrik montažçylara we tokarlara ýiti zerurlyk bolar.
Lukmançylyk ulgamynda feldşerlere, terapewtlere, umumy praktikanyň lukmanlaryna ýetmezçilige garaşylýar. Pensiýa gidýän hünärmenlerdir lukmançylyk işgärleriniň dowamly ýetmezçiligi bu ugurlary has islegli kärlere öwürýär. Şeýle hünärmenler adatça, işden ir ýadaýarlar, lukmanlary goldamak çäreleriniň kämilleşdirmegi bolsa döwletiň goldawyna mätäçlik çekýär diýip, Gankina sözüni jemledi.